Samsung kompaniýasy dünýäde ilkinji 8K razreşeniýeli aşa giň formatly monitor bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar.
Täze Odyssey Neo G9 modeli barada düýnki Radeon RX 700 wideokartynyň tanyşdyrylyşy wagtynda ýatlanyldy. Täze monitoryň bildirişi eýýäm CES 2023-de edilip bilner. 8K razreşeniýede ýokary tizlikli täzelenişli oýunlary goldamak üçin ol AMD FreeSync we UNBR 20 spesifikaly DisplayPort 2.1 port bilen enjamlaşdyrylan.
Bahasy hakynda entek, elbetde, hiç zat aýdylmaýar, ýöne 5K razreşeniýeli Neo G9 modeliň bahasy 2200 dollar. Ähtimal, täze model ondanam gymmat bolsa gerek.