Şu ýylyň oktýabrynda syýahatçylyk maksatlary bilen, Azerbaýjana Türkmenistanyň raýatlarynyň 1,4 müňden gowragy bardy. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentligi habar berýär.
Maglumata görä, oktýabrda Azerbaýjana baran syýahatçylaryň sany boýunça Russiýa (54,1 müň adam) birinji orny eýeleýär. Bu sanawda 28,3 müň adam bilen Türkiýe ikinji, 15,3 müň adam bilen Eýran üçünji orny eýeleýär.
Ýeri gelende, şu ýylyň iýulyndan Azerbaýjanyň türkmen raýatlaryna elektron wiza bermegi dikeldendigini bellemek gerek