Abu-Dabide “Etihad Arena” stadionynda pälwanlaryň turniri tamamlandy. Onda rus boksçysy Dmitriý Biwol Meksikanyň wekili Hilberto Ramires bilen duşuşdy. WBA wersiýasy boýunça ýarymagyr agramda dünýä çempionynyň titulyna eýe bolmak üçin güýç synanyşyldy.
Göreş 12 raunddyň ählisinde dowam etdi we eminleriň biragyzdan makullamagynda russiýaly türgeniň ýeňşi bilen tamamlandy. Russiýaly türgen agzalan tituly dördünji gezek gorady.
Biwol utuşly seriýany uzaltdy. Indi russiýaly türgeniň çotunda 21 tutluşykda gazanan 21 ýeňşi bar. Boksçy 11 göreşi nokaut bilen tamamlady.
Ondan öňki göreşde Biwolyň meksikaly boksçy Saul Alwares bilen duşuşandygyny ýatladýarys. Biwol ony eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi.
Meksikaly türgen karýerasynda birinji gezek ýeňildi. Ozal ol 44 tutluşykda 44 ýeňiş gazanypdy.