Önümiň hilini bahalamak bahalanýan önümiň dünýäniň ýokary tehniki derejesine laýyk gelişini we senagat önüminiň hil derejesini ýokarlandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen geçirilýär. Önümiň hilini şahalamak özüne önümiň hil görkezijileriniň nomenklaturasyny saýlamagy, olaryň san bahalaryny kesgitlemegi we önümiň hiliniň tehniki derejesini kesgitlemegi saklaýan operasiýalaryň jemidir.

Himiýa senagatynyň önümleriniň önümiň stadiýalaryna baglylykda önümiň hilini we tehniki derejesini bahalamagyň maksatlaryny aşakdakylara bölmek mümkin.

1. Barlag stadiýalarynda: önümiň täze görnüşini işläp taýýarlamagy meýilleşdirmegiň maksada laýyklygyny we ylmy-gözleg hem-de synag-konstruktorçylyk işlerini geçirmekligi esaslandyrmak, döwlet standartyna girizmek üçin önümiň hil görkezijileriniň halkara derejesi we möhleti boýunça esaslandyrmak.

2. Taslamak stadiýasynda: täze ýa-da modernizirlenen önümi işläp taýarlamaga bolan talaplary esaslandyrmak we olaryň ýokary dünýä derejeaine laýyklygyny kesgitlemek,tehniki taslamany işläp taýýarlamakda iň gowy tehniki çözgitleri saýlamaklygy esaslandyrmak, önümi önümçilige önümiň synag nusgalygynyň netijeleri boýunça goýmaklygyň maksada laýykdygyny esaslandyrmak.

3. Öndirmek stadiýasynda: önümiň tehniki derejesiniň we hiliniň dünýäniň ýokary gazananlaryna laýyklyk derejesini kesgitlemek, önümi bahalamakda (attestasiýa) hil

kategoriýalaryny kesgitlemek, önümiň hilini we tehniki derejesini ýokarlandyrmagyň netijeliligini esaslandyrmak önümiň hiliniň, derejesiniň dinamikasyny (üýtgeýşini) analizlemek, önümi önümçilikden aýyrmagyň maksada

laýyklygyny esaslandyrmak.

4. Peýdalanmak (ulanmak) stadiýasynda: önümi dürli şertlerde peýdalanmagyň, ulanmagyň (ekaplnatasiýa) düzgünlerini esaslandyrmak. Önümiň tehniki derejesini we hilini bahalamagyň netijeleri aşakdaky meseleleri çözmekde peýdalanylýar.

Köpçülikleýin ýa-da toplumlaýyn önümçiliklerde hil görkezijileriň durnuklylygyny bahalamak üçin birmeňzeşlik görkezijileri ulanylýar.

Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Tyllanurow Yslamberdi