Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Geçmişde ata-babalarymyz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ony aýawly ulanmak däbini nesilden-nesle geçirip gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda şertnama baglaşdy. Bu toplum Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.

Bu inženerçilik-tehniki desganyň howpsuzlygy, ekologik talaplara laýyklygy sil suw akabalarynyň akýan ugurlarynda sil suwlaryny toplaýjy desgalaryň gurulmagynyň hasabyna üpjün edilýär hem-de sil we ýagyş suw joşmalarynyň Aşgabat şäherine akmagynyň öňi alynýar.

Bekediň işi üç tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen, suw toplaýjy howdandan gelýän suw birinji bölüme goýberilýär. Suw sorujy bekediň ikinji bölümi gury bolýar. Onda suw sorujylaryň ýerleşýän üçünji kamerasyna suwuň baryp girmegini sazlaýan gapaklar bardyr. Şol ýerden suw betondan gurlan akabalara akdyrylýar. Bu ýerde Germaniýanyň “Wilo” kompaniýasynyň her biriniň önümçilik kuwwatlylygy sekuntda 350 litr bolan 3 sany hereket edýän, 1 sany ätiýaçlyk suw sorujy enjamlary oturdylandyr. Şeýle-de beketde ýük göterijiligi 5 tonna deň bolan ýörite göteriji kran göz öňünde tutulandyr.

Suw sorujy beket işe girizilmezden ozal, bellenen tertibe laýyklykda, sil suwlaryny ýygnaýjy desganyň ýatagyndaky suw durlanylýar. Soňra nobatçy operator suw sorujy enjamlary işe girizýär. Işçi suw sorujy enjamlar suwy basyş astynda 28 metr beýiklige göterip, sekuntda 1,0 kub metr suwy diametri 1000 millimetr bolan turba geçiriji arkaly sil suw akabasyna akdyrýarlar.

Emir Öwezow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby