Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan ösüşler hem dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýurdumyza gönükdirýär.

Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Çünki haýsy ýurtda syýahatçylyk ösen bolsa, şol ýurduň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň, ählumumy ösüşleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, döwletiň abraý-mertebesiniň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynda wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Golaýda, ýagny 7-9-njy noýabr aralygynda Londonda World Travel Market (WTM – (Bütindünýä Syýahat Bazary) syýahatçylyk pudagynyň 42-nji halkara sergisi geçirildi. Ol syýahatçylyk pudagyndaky iň uly çäredir. Oňa dünýäniň tas ähli ýurtlaryna degişli bolan müňlerçe dünýä syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi, WTM-de teklip edilen hyzmatlary we önümleri Günbatar syýahatçylyk jemgyýetinde «STANTRIPS» ýaly has takyk at bilen tanalýan «Aziýanyň genji» tarapyndan hödürlendi.

Londondaky Bütindünýä Syýahat Bazarynda Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Ermenistandan baran ýene dört syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistana syýahaty teklip etdi. Türkmenistanyň hökümetiniň syýahatçylygy ösdürmek we sebitde geljegi uly bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin, şu tomus birnäçe çäreleri göz öňünde tutandygyny ýatladyp bileris.

Halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşmak bilen bir hatarda, milli taryhy we medeni mirasy giňden wagyz etmek we ýurduň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüni açmak maksady bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkara maslahat geçirmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Amansoltan MEREDOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.