Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,1% köpeldi. Bu barada, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bellenilip geçildi.

Jemi öndürilen önümiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,9% artdy. Şeýle hem 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5% ýokarlandy. Bu barada berlen hasabatda mälim edilýär.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3% artdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda, Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başarylandygyny aýdyp, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzda göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykbal WEPAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.