Bilşimiz ýaly, 11-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. Bu sylag Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäniň döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ilerletmekdäki uly işlerine we türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Türki dünýäniň ýokary ordeni türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär. Dogrudan-da, türki döwletleriň hatarynda dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistan bu günki gün «Açyk gapylar» syýasaty bilen özüniň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta saklap gelýär, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri berýär, bu teklipler yzygiderli goldanylýar. Şoňa görä-de, bu netijeli syýasatyň esasynda abadançylyk, parahatçylyk ugrunda hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda köp işler amala aşyryldy we bu işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň hemmämiz dost-dogan halklar, bir daragtyň şahalary. Şundan ugur alyp, hormatly Arkadagymyz türki dünýäniň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, doganlyk halklaryň gülläp ösüşi üçin mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Bu çagyryş dostluga çagyryşdyr. Dostluk bolsa ynsanlary biri-biri bilen ysnyşdyrýar, halklary ýakynlaşdyrýar, döwletleri bir umumy maksada ugrukdyrýar. Diýmek, halklarymyzy parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige, agzybirlige çagyrýan Gahryman Arkadagymyza bu ýokary sylagyň gowşurylmagy «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýaly daşary syýasatymyzyň hem dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.