Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen we türk halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Bu bolsa açyklyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygyna we doganlyk ýurduň ähli halkyna ýakynda Stambul şäherinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi we şu agyr pursatda ejir çekenlere medet beriji sözleri aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýylyň dolýandygy bellenildi. Şu döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mustafa Şentop dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen Parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen duşuşykdan soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop iki doganlyk ýurduň parlamentarileriniň öňünde çykyş etdi.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy geçirildi.

Ýakup Taýlyýew

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň mugallymy