Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda günsaýyn bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň mysalynda görmek bolýar.

Muňa mysal edip, Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan II halkara ýaryşyny görkezmek bolar.

Ýaryşda türkmen türgenleri bir sany kümüş medala we bürünç medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Has takygy, zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejede bileginiň güýjüni synan Ogulgerek Amanowa ştangany silterläp götermekde 70 kilogram, itekläp götermekde 85 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 155 kilogram netije bilen üç sany bürünç medaly özüniňki etdi.

Şeýle-de erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan Hydyrberdi Ýagmyrow itekläp götermekde 149 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 274 kilogram bilen iki sany bürünç medala eýe çykdy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyndaky ýeke-täk kümüş medaly erkekleriň arasynda 109 kilogramdan ýokary agram derejede bäsleşige gatnaşan Atajan Daýyýew gazandy. Ol silterläp götermekde 156 kilogramlyk daşy galdyryp kiçi kümüşiň eýesi boldy. Şeýle-de itekläp götermekde 190 kilogramy göteren Atajan Daýyýew kiçi bürünje, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 346 kilogram netije bilen bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň agyr atletika sportunyň taryhy baýdyr. Sportuň bu görnüşinde agyr atletikaçy türgenimiz Altymyrat Orazdurdyýewi ýatlaman geçmek bolmaýar. Ol häzirki wagtda ýurdumyzyň iň meşhur agyr atletika türgenidir. Ol dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempionydyr.

Nuraly Nepesow

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň mugallymy