Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy köp derejede ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlarymyzy giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, ruhubelent hem-de medeniýetli edip kemala getirmek işine bagly bolup durýar. Islendik önümçilik pudagynyň ýokary depgindäki ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyna we olary dolandyrmagy başarýan ýaşlara bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtady. Arkadagly Serdarymyz bu ugurda uly tagalla edýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly orun berlip, ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin bilim ojaklary kompýuterler, kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edildi.

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bir hatarda, ýalar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň abraýyny belende götermekde öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň belent ahlakly, ýokary adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.

Ata Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary hünärleri ezber ele almakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekmekde görelde görkezýärler. Olar ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Leýli GYLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.