18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Nygtalyşy ýaly, şunda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir.
Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we Birleşen Arap Emirlikleriniň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek netijeli işler alnyp barylýar.
Iki ýurduň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär.
Mejlisde döwlet Baştutanynyň garamagyna öňde boljak resmi saparynyň maksatnamasy hödürlendi. Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna berk ygrarlydygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Uly kuwwatyň bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, maýa goýum işini we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletli geljegi nazara alyp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Arap Emirliklerine boljak resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy