Türkmenistanda maýa goýumlary ykdysadyýetiň ösüşiniň depginlerini we deňölçegliklerini düzgünleşdirmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Hojalyk ýöredijileriň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek we daraltmak arkaly ykdysadyýetiň ösüşine goýulýan serişdeleriň möçberiniň köpelmegine ýa-da azalmagyna ýardam etmek mümkin. Şonuň bilen baglylykda döwletiň ykdysady özgertmeleriniň düýp esasynda maýa goýum syýasaty durýar.
Döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary ykdysadyýete täze önümçilikleriň we serişdeleriň aralaşdyrylmagyndan, özbaşdak hojalyk ulgamy hökmünde milli ykdysadyýetiň kemalagetirilmeginden we durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň baş ýörelgesi eýeçilgiň ähli görnüşlerindäki hojalyk ýöredijileriň maýa goýum işiniň güýçlendirilmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurlygyndan ugur alýar.
Döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy düzgünleri Türkmenistanyň “Maýa goýum işi hakynda”, “Daşary yurt maýa goýumlary hakynda”, “Girew hakynda”, “Eýeçilik hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgiýetleri hakynda”, “Daşary yurt konsessiýalary hakynda” kanunlarda berkidilendir. Olarda maýa goýum işine gatnaşyjylaryň hukuklary, borçlary hem-de jagapkärçiligi, şonuň ýaly-da merkezi we ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary kesgitlenilendir. Ýurtda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi ýokarlanma meýline eýedir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde düypli maýa goýumlaryň möcberiniň ep-esli bölegi Hökümet tarapyndan öňi başlanan täze gurluşyk desgalarynda, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemekde we olary tehniki taýdan gaýtadan
enjamlaşdyrmakda özleşdirildi. Şonda ykdysadyýetiň nebiti gaýtadan işleýji, nebit gazyp çykaryjy, gaz, ulag we aragatnaşyk, önümçilige ýardam ediş ýaly aýratyn möhüm pudaklaryna uly möçberli serişdeler goýuldy. Himiýa, ýeňil senagat, çaphana işleri pudaklaryna, maddy däl önümçiligiň – saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalyk gurluşygy we beýleki pudaklarynada uly üns berildi. Nebiti, gazy, oba hojalygynyň önümini gaýtadan işleýän pudaklaryň kärhanalary bolsa täzeden diýen ýaly döredildi.
Türkmenistan boýunça düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilmeginde daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalar işjeň gatnaşýarlar. Olar diňe öz serişdeleri bilen täze önümçiligiň döredilmeginde, hereket edýän kärhanalary tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagynda däl-de, eýsem gurluşyk işinde-de gös-göni gatnaşýarlar. Olaryň gatnaşmagy döwrebap tehnikalaryň we gurluşyk önümçiliginiň tilsimatlarynyň hem-de gurluşyk iş dolandyryşynyň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini çaltlaşdyrýar, bäsdeşlikli ýaýrawy döredýär, ykdysadyýete täze önümçilikleriň we serişdeleriň aralaşdyrylmak işini çaltlaşdyrýar, maýa goýum gurşawynda döwrebap maliýe gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Zähmet bölünişiginiň taryhy çuňlaşdyrylmagy we ylmy-tehniki ösüşe görä ýöriteleşdirilmegi maddy önümçilik işleriniň hut özüni onuň degişlilikde laýyk önümçilik işleri üçin oňaýly şertleri dörediş işlerinden ( saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, ylym, ýaşaýyş jaý-jemagat gurluşygy we beýlekiler) bölüp aýyrýar. Ylmy-tehniki ösüşiň ýaýbaňlanmagy bilen telekeçiligiň has-da ösdürilmegine we ykdysadyýetiň ösüşine goýlan serişdeleriň möçberiniň artmagyna malyýe ulgamynyň, hususanda bank, salgyt we býujet ulgamlarynyň, kämilliginiň derejesi möhüm tilsim bolup durýar. Bank, salgyt we býujet ulgamlary ykdysadyýeti dolandyrmagyň esasy ykdysady guraly bolup durýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda maýa goýum işleriniň durnuklaşmagy hem-de kämilleşmegi bilen baglylykda ýene-de birnäçe durmuş maksatly maksatnamalar amala aşyrylar.
Mekan GÜÝÇGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji NGDSG hünäriniň talyby.