Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meýilnamasy eýýäm işlenip düzüldi we ony 3-4 ýylyň içinde durmuşa geçirmek mümkin. Bu barada Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik beýan etdi diýip, The Nation neşiri Pakistanyň energetika gözýetimleri meseleleri boýunça garaýyşlaryň liderleriniň Forumynyň netijeleri boýunça habar berdi.

Malikiň baha bermegine görä, TOPH gaz geçirijisi boýunça ibermeler arkaly Pakistan günde 35 mln kub metrden gowrak gaz alyp biler.

Türkmenistandan gazy getirmek boýunça mesele ýok diýip, ministr belledi. Şeýle hem ol häzirki wagtda Pakistanda energetiki isleg bilen teklibiň arasynyň uludan açykdygyny, ýerli gaz ätiýaçlyklarynyň bolsa barha azalýandygyny aýtdy.

Forumyň çäklerinde şeýle hem Pakistana nebit importyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümliginiň meselesi hem maslahatlaşyldy.

Belläp geçsek, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlary we tutuş dünýä üçin energiýa howpsuzlygyny hem-de zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Bu geljegi uly taslama OYR-nyň üsti bilen energiýa serişdeleriniň Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna eksport edilmegine ähmiýetli mümkinçilikleri döredýär. Bu taslama şol bir wagtyň özünde goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna hemmetaraplaýyn sazlaşykly integrirlenmegine gönükdirilendir.

Çynar ANNAGELDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary
tygşytly peýdalanmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby.