Şu gün Abu-Dabi şäherindäki «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasynda Türkmenistan — BAE işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui garşylady. Giriş sözünden soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

Şu günki maslahatyň uly wekilçilikli düzümine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändiginiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalşylýandygynyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz işewürlik ugurly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynda gazanylan netijeler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçdi. Şunda dostlukly ýurduň degişli düzümleri tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara goýulýan maýa goýumlar hem-de olary has-da artdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi.

Hususan-da, bu ýerde gürrüň BAE-niň işewürler bileleşiginiň ýurdumyzyň halkara turba geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmäge, gazhimiýa senagatyny, ulag-üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, senagat kooperasiýasy, «ýaşyl» energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmak barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz elektrik energetikasy, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, dokma pudagy, ylmy köp talap edýän we innowasion önümçilikler, şähergurluşyk, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Çykyşda türkmen tarapynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçiler bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegine, göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmegine aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýeri gelende bellesek, şu günki Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan düzüminde 30-dan gowrak adam bolan işewür wekiliýet gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler bar.

Batyr Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy