Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda uly syýasy üstünlikdir. Munuň özi döwletimiziň halkara gatnaşyklarda saýlap alan nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň bütindünýä ykrarnamasydyr. Çünki Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem örän netijeli häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde asudalygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatyndaky başlangyçlary halkara resminamalaryň onlarçasynda öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şol ýörelgeler goňşy ýurtlar hem-de dostlukly halklar bilen gatnaşyklarymyzyň barha berkemegini şertlendirýär.
Eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, harby we syýasy bileleşiklere goşulyşmaýar. Şonuň ýaly-da, BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara çärelere yzygiderli gatnaşyp, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň syýasy öňdengörüjiligi we çuňňur paýhasy bilen öňe sürlen başlangyçlar gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi häzirki zaman şertlerinde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ýörelgesi Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ähmiýetini has-da artdyryp, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň çözülmeginde wajyp orny eýelemegine ýardam berýär.
Halkymyzyň we Watanymyzyň beýik geljegini nazarlaýan beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Umumadamzat bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Gurbangeldi PIRLIÝEW,
Türkmen Döwlet öwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby