Pasport, sürüjilik şahadatnamasy we awtomobiliň tehpasporty indiden beýläk gyrgyzystanlylar üçin döwlet hyzmatlarynyň «Tunduk» mobil goşundysynda elýeterli bolar.
Resminamanyň sanly görnüşi onuň originaly ýaly güýje eýe bolar. Mobil goşundydan peýdalanmak üçin raýatlar islendik hyzmat merkezinden bulut elektron gol almaly we goşundyny smartfonyna ýüklemeli.