23 — 25-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisi, başga-da birnäçe beýleki medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda täjik sungat ussatlary çykyş etdiler. Dabarada täjik aýdym-saz sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserleri, täjik sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary, folklor tanslary boldy. Täjik sungat ussatlarynyň birnäçe aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan täjik häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatyna degişi eserleriniň, neşir önümleriniň, ýurduň milli lybaslarynyň we aşhanasynyň sergisi hem köp adamly boldy. Täjik milli aýdym-sazlary, folklor tanslary bilen utgaşan sergide žiwopis, surat, nakgaşlyk eserleri, sowgatlyk we neşir önümleri, täjik milli nagyşlary, lybaslary gatnaşyjylarda täsin gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Aşgabat» kinoteatrynda görkezilen «Awçynyň soňky oljasy», «Durmuş tansy» atly täjik çeper filmleri türkmen tomaşaçylarynda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrdy.

Hawa, Türkmenistan we Täjigistan ençeme gezek özara Medeniýet günlerini geçirdiler. Bu gezekki medeni çäre hem iki dostlukly halky sungat arkaly biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy we bu ugurda geljekki hyzmatdaşlyklara badalga berdi.

Batyrmuhammet ORAZOW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.