Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy diýlip, türkmen metbugatynda habar berilýär.
Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlag uly ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de munuň üçin medeniýet we sungat işgärleri gyzgyn elçarpyşmalar bilen döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler. Ol gutlagda hususan-da, Hormatly Prezidentimiz: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi sungatyň dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýan edýär. Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagy, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara çärelere sungat ussatlarymyzyň gatnaşmaklary halkymyzyň sungata bolan sarpasynyň belentdigini aýdyň görkezýär. Hoş owazly aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň, gülledip ösdürmegiň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.” diýip belläp geçýär.
Halkara festiwalyň açylyş dabarasynyň dowamynda nusgawy türkmen sazlarydyr halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Täjigistan Respublikasynyň A.Juraýew adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň aýdym-saz toparynyň, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň aýdym-saz toparynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türk dünýäsiniň sazy we halk tans toparynyň, Gazagystan Respublikasynyň Gyzylorda filarmoniýasynyň «Akmeşit» folklor toparynyň, Gyrgyz Respublikasynyň «Etno Oş» folklor-etnografiýa toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Alpar» etno toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
Festiwalyň dowamynda daşary ýurtly sazandalaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary, daşary ýurtly aýdym-saz toparlarynyň konserti geçiriler. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.
Gurbanmyrat Orazmyradow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby