Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti we dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen hem-de birnäçe beýleki duşuşyklaryň meýilleşdirilendigini aýtdy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykdy, özara bähbitli taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Seul şäheriniň “Seoul Air Base” Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal-Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli ýazylan haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş zalynda Koreýa Respublikasynyň resmi wekili bilen çaý başynda gysga söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda Li Dal-Gon Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Seul şäherinde garşylamaga şatdygyny nygtady we şu gezekki saparyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda iri önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şu gezekki saparyň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermelidir.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen döredilen türkmen-koreý işewürlik geňeşi hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary uzak möhletleýin esasdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýärler diýip, söhbetdeşler bellediler.
Aýman Erkäýewa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy