Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsini geçmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini belledi.

Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça toparyň başlygy B.Atdaýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.