Birleşen Milletler Guramasynyñ Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda köptaraplaýyn we beýleki halkara ösüş banklarynyň durnukly ösüşini maliýeleşdirmek babatda möhüm potensialyny ykrar etmek üçin 4-nji dekabry “Halkara Banklar güni” diýip kesgitleýän 74/245 belgil Rezolýusiýa kabul etdi.
Dünýä jemgyýetçiligini bir guramanyñ astyna birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlerde illatyñ ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşmakda bank ulgamlarynyň ösüşiniñ möhüm orun eýeleýändigini nazarda tutyp, “Halkara banklar güni” bütindünýäde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Halkara gatnaşyklarynyñ doly hukukly subýekti bolup çykyş edýän Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde ilkinji gezek 2020-nji ýyldan bäri halkara güni giñden belläp geçýär.
Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bank ulgamy we onuñ esasynda amala aşyrylýan hyzmatlar, bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine, döwrüň talaplaryna laýyklykda ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.
Toýçyýew Orazmyrat
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara hukugy fakultetiniñ I yyl talyby