Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 27 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bitaraplyk – munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenistan döwletiniň parahatçylykly mizemez, ebedi daşary syýasatynyň kemala gelendigini ykrar edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi häzirki zaman taryhynyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz döwletimiziň şanly seneleriniň biri bolup, asuda ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtamak bolar.
Arassa asmanymyzyň asudalygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Eziz AGAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.