Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bar. Olar täsin arheologik we binagärlik aýratynlyklary bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan görnükli orun aldy. Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrundaky iň gadymy şäherleriň biridir. Şol bir wagtyň özünde ol ägirt uly giňişlige uzap, müňýyllyklaryň dowamynda söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşipdir. Köpýyllyk ylmy barlaglaryň netijesinde Gadymy Merw dünýä medeniýetiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ýüztutmasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty girizildi. Türkmen halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasynyň taryhy-medeni gymmatlyga eýedigini, onuň çeperçilik we estetik ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemeli. Onda hoşniýetlilik, batyrgaýlyk, wepalylyk, halallyk, dostluga sarpa ýaly milli häsiýetler öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemeli. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Kemal Gylyçmämmedow
Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk institutynyň
Binagärlik–gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby