Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ata Watanymyz öz ösüşiniň ajaýyp eýýamyna gadam basdy. Dünýä döwletleri bilen gysga wagtda ýola goýlan ygtybarly hyzmatdaşlyk Türkmenistany parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän kuwwatly döwlete öwürdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda 185 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ösüşiň aýdyň ýoluna düşen daşary syýasatymyzyň naýbaşy üstünlikleriniň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyz: «Beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde döwletimiziň Bitaraplygy bize syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Türkmenistan dünýä döwletleriniň köp sanlysy, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Kararnamanyň 195 döwletiň goldamagynda gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi her bir türkmenistanlynyň başyny göge ýetirdi.

«Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgäni durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda goýýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde döwletimiz günsaýyn belent sepgitlere ýetýär. Häzirki döwürde başymyzyň täji hasaplanýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň ozaldan, taryhyň çuňluklaryndan dowam edip gelýän milli däpleriniň we ýörelgeleriniň dowamydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana iki gezek Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi — bu belent mertebedir. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda sebitde parahatçylykly ösüşiň sütünine öwrüldi. Şeýle hem türkmen Bitaraplygy sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de milli bähbitleri goramagyň, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň girewidir.

Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ýurdumyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi. Bu birleşik tarapyndan geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara beýleki döwletlerde ýaşaýan türkmen doganlarymyz hem gatnaşýarlar. Şeýle hem olar ata Watanymyzyň ösüşleri bilen tanşyp, Watan didaryndan ganyp bilýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ykballaryň bagt guşuny göge göteren bolsa, hemişelik Bitaraplygymyz ýürekleriň, köňülleriň köşgüne zynat bagyşlady. Bu hakykata näçe diýseň mysal kän.

Galkynyşa beslenýän ajaýyp pursatlarda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik geljegini gurýan halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Çemen ÖWÜLÝAKULYÝEWA,

Saỳat etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ türkmen dili we edebiýaty mugallymy.