Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty güýçlenýär we halkymyzyň ýaşaýyş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Sanly ulgamyň yzygiderli we maksatnamalaýyn ornaşdyrylyp, maglumatlar tehnologiýalarynyň esasy orunlary eýeläp ugramagy ykdysady ösüşlere oňyn täsirini ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda geçen ýyllarda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, degişli ugurlara öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri hem çalt depginlerde ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ulgamynyň raýatlara elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köpugurly ulgamy üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň raýatlary islendik pudakda sanly ulgamdan netijeli peýdalanyp, önümlerini satuwa çykaryp ýa-da ýerleşdirip bilýärler, wagyz-ündew işlerini alyp barýarlar.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bilen baglanyşyklylykda täze ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy peýda boldy. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň çalt herekete girizilmeginde we öňegidişlikleriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi onda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanylýar. Aýratyn-da, sanly ulgam dürli hyzmatlaryň hilini we amatlylygyny ýokary derejelere çykardy. Bank we beýleki hyzmatlaryň düzümi has ýönekeýleşdi, sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, howpsuzlygynyň üpjün edilmegi jemgyýetimiziň ondan peýdalanmaga bolan höwesini has-da ösdürdi. Mundan beýläk hem bank hyzmatlaryny giňeltmek we olary hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işinde dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryndan we täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň töwekgelçiliklere, howplara garşy durmak ukyby-da her bir wagtdakysyndan has güýçlendi. Elektron tölegleriň, internet söwdalaryň çygry barha giňelýär. Bu bolsa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen gymmatly wagtymyzyň we serişdelerimiziň tygşytly ulanylmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi üpjün edýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary önüm öndürijileriň dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini hem ýokarlandyrýar.
Mekan ALIMOW,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU



