Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen biziň ýurdumyzda ýeterlik derejede berk maýa goýum mümkinçilikleri bolan kuwwatly ykdysadyýet döredildi. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, maýa goýujylar üçin üznüksiz önümçiligi giňeltmäge we maýa goýumlarynyň netijeliligi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary doly derejede özgerýär, täze-täze önümçilikler işe girizilýär, zawod-fabrikler, medeni we durmuş maksatly binalar gurulýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önümine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň gatnaşygy hem yzygiderli artýar. Maýa goýumlarynyň ösüş derejeleriniň her ýyldaky artyşy 15-20 göterime barabar bolýar. Netijede ylmyň iň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna, täze-täze önümçilikleri işe girizmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän kämil ykdysady düzüm döreýär. Gaýtadan işleýän kärhanalara goýulýan maýa goýumlaryň möçberleriniň artmagy güneşli Diýarymyzyň çig mal öndüriji ýurtdan gaýtadan işleýän, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmegini üpjün etdi.

Ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň atlary boýunça şol kärhanalaryň haýsy serişdeleriň hasabyna döredilýändigini hem-de olaryň işiniň guralyşyny kesgitleýärler. Döwlet kärhanalary — döwletiň, ýekebara — bir şahsy tarapyň, hyzmatdaşlyk — her bir agzasynyň şahsy serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň — jemgyýetçilik hazynalarynyň, hojalyk şereketleri — iki we şondan köpräk şahsy ýa-da edara görnüşli taraplaryň birleşiginiň hasabyna, paýdarlar jemgyýeti bolsa paýdarlaryň hasabyna döredilýär. Paýdarlar jemgyýetleri açyk we ýapyk görnüşli bolup bilýär. Açyk paýdarlar jemgyýetine isleg bildirýän tarap girmäge haklydyr, ýagny, onuň paýnamalaryny erkin satyn alyp bilýär. Ýapyk paýdarlar jemgyýetine bolsa diňe onuň esasnamasynda bellenilen taraplar girip bilýärler.

Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kanunçylyk namalarynda kärhanalar, guramalar, edaralar hem edara görnüşli taraplar hökmünde seredilýär. Düýpli maýa goýum işleri we başga maksatlary amala aşyrmak üçin golçur (bölünen) kärhanalar, şahamçalar we wekillikler döredilip bilner. Bir pudakda (ugurda) hereket edýän kärhanalar korporasiýalara bileleşip bilýärler. Mysal üçin, Türkmenistanda «Kuwwat» döwlet korporasiýasy energetika pudagyna degişli kärhanalary özüne birleşdirýär. Meňzeş önümleri öndürýän kärhanalar assosiasiýa birleşip bilerler. Muňa ýurdumyzyň azyk senagaty we galla önümleri assosiasiýalaryny görkezip bolar. Ulag ulgamynda korporasiýa hereket edýär.

Maýa goýumlary önümçilik pudagyny, durmuş-medeni, durmuş we inžener üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek üçin maksadalaýyk ulanylýar. Pudaklar babatynda maýa goýumlarynyň uly bölegi senagatda, ulag we beýleki ulgamlarda netijeli özleşdirilýär. Senagatda maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi netijesinde diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýylsaýyn ýokarlandyrýar. Maýa goýumyň sebitleýin düzümi hem ýurdumyzyň çäginde üstünlikli hereket edýär. Onda döwletimiziň düzüm bölümlerine, ýagny, welaýatlar, şäherler, etraplar, obalar boýunça maýa goýumlaryň goýluşy görkezilýär. Sebitleriň gyradeň ösdürilmeginde olaryň ähmiýeti uludyr.

Gülälek ALLAGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.