Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça tutumly işler, dürli mazmunly çäreler durmuşa geçirilýär. Olaryň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymata esaslanyp, halkyň abadan hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek, hal-ýagdaýyny hil taýdan has-da gowulandyrmak baradaky aladalar durýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, ýaşaýyş jaý hem-de iş bilen üpjünçiligi, bilim almagy, medeniýetli dynç almagy, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin döwrebap şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş syýasaty strategiýasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksady hem ileri tutulýan ugurlary ösdürmek bilen birlikde, döwletimiziň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty almakdan ybaratdyr. Bu möhüm çäräniň «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» atly şygar astynda geçirilmegi hem onuň bagtyýar durmuşymyz, röwşen geljegimiz, mundan buýanky ösüşlerimiz üçin has ähmiýetlidigini subut edýär.
Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny üstünlikli geçirmekde onuň taýýarlyk tapgyryna aýratyn üns berildi. Şol maksat bilen taýýarlyk hem-de guramaçylyk işleriniň ýokary derejede guralandygyny belläp geçmek gerek. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge, ähli ulgama ylmyň iň soňky gazanan döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şundan ugur almak bilen, ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekde öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda innowasion maglumat enjamlary arkaly elektron usulda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri peýdalanylar.
Öňümizdäki ilat ýazuwy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» we badalga berlen beýleki özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, toplanan giňişleýin maglumatlar ýurdumyzyň ähli ugurlaryny ylmy esasda ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar.
Döwran GURBANOW,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU



