Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny nygtap, ýurdumyzyň uzak möhletli geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklary has-da belent derejä çykarmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topraklaryna amala aşyran ilkinji saparyny — zyýaratyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar bu başlangyçlaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy we ony pugtalandyrmak üçin mümkinçilikler bar.

Mekan Annagylyjow

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň talyby