Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etmegi bilen ykrar edildi. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewiligine sarpa goýýandygyny we goldaýandygyny görkezýär. Resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini doly goldaýandygyny beýan etmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler biziň ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýyny ykrar etmäge we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewiligini hormatlamaga borçlandylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Bu taryhy Kararnama hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda kabul edildi. Munuň özi mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň halkara giňişliginde doly ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine ýetmeginiň öz taryhy ýoly bar. Ol ýurduň taryhy, milli aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem öz däp-dessurlary, milli aýratynlygy bar. Ulyny sylamak, köpüň aýdanyna görä bolmak, il-günüňi goldamak, hoşniýetli baryş-geliş — bu biziň ata-baba, arkama-arka ene süýdi bilen ganymyza siňen ýörelgeler. Hut şu aýratynlyklaryň çuňňur öwrenilmeginiň özi dünýäniň Merkezi Aziýa sebitini parahatçylygyň, durnuklylygyň mekanyna öwürmek boýunça pähim-paýhasa esaslanan oýlanyşykly tagallalara itergi berdi.
Hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy boýunça-da, ýakyn-u-daş döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça-da köp tejribe toplady. Halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ykdysady we medeni üstünliklerimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň esasy çeşmeleriniň biri, baky bagtyýarlygymyzyň binýady bolup durýar. Hut şonuň üçinem beýik zamananyň ruhy joşguny bilen ýaşaýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşmek bilen, özleriniň döredijilikli zähmeti arkaly ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Aýnur ALLAKULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby