21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy, taýýarlanylan taslamalar we olaryň tapawutly aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda merkeziň baş meýdançasynda oturdyljak Baýdak sütüniniň hem-de onuň ýanaşyk ýerleriniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň edara binasynyň jaýy, merkeziň çägindäki inženerçilik ulgamlary, onuň eýeleýän umumy meýdany baradaky şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, baş seýilgähiň, «Saglyk» seýilgähiniň we taryhy-medeni seýilgähiň şekil taslamalary, desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şekil taslamalaryndan görnüşi ýaly, täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler.
Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Şeýle hem döwlet Baştutanyna ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, dürli maksatly desgalaryň golaýynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň şekil taslamalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň aýratynlyklary, merkeziň yşyklandyryş ulgamynyň işleýiş düzgünleri bilen baglanyşykly taýýarlanylan şekil taslamalary, çyzgylar görkezildi. Şunda merkeziň çäginde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar.
Soňra bu ýerde merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi, onuň desgalarynda ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň ähmiýeti, şeýle hem şäher düzüminiň ähli ugurlarynda ulanyljak sanly ulgam şertleriniň häzirki zaman derejesi, umuman, «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.
Annagözel Annalyýewa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

RU



