10-njy dekabrda Aşgabatda, Balkanabatda hem-de Maryda geçirilen duşuşyklar bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyö saýty habar berýär.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdanynda geçirilen duşuşykda “Ahal” “Köpetdagdan 4:0 hasabynda üstün çykyp, futbol çempionatymyzy ikinji hatarda tamamlamagy başardy. “Ahala” ýeňiş getiren toplaryň ikisini öz adyna ýazdyran Didar Durdyýew möwsümiň dowamynda derwezelere geçiren 14 topy bilen iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde öňdäki orny eýeledi. Bu ugurda ikinji bolan Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) möwsümi 12 top bilen jemledi.

“Nusaý” stadionynda geçen duşuşykda “Aşgabat” wagtyndan öň altynjy çempionlygyny gazanan “Altyn Asyrdan” 2:1 hasabynda üstün çykdy. Maryda ýerli “Energetik” bilen “Merwiň” arasyndaky duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Balkanabatda “Şagadam” ýerli “Nebitçiniň” derwezesinden jogapsyz toplaryň üçüsini geçirdi.

Şeýlelikde, 63 utugy bolan “Altyn Asyr” birinji, 54 hem-de 52 utuklary bolan “Ahal” bilen “Şagadam” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.