2022-nji ýylda Sues kanaly rekord dereje girdeji aldy. Bu barada iňlis dilli «Al Ahram» arap portaly Sues kanalynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy admiral Usama Rabie salgylanyp habar berdi.
Deputatlaryň öňünde eden çykyşynda, Sues kanalynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Rabieniň aýtmagyna görä, «Sues kanalynyň girdejisi geçen ýylky 6,3 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, rekord derejä — 7,9 mlrd dollara ýetdi. Biz häzirki 2022/23 (2023-nji ýylyň iýuly) maliýe ýylynyň tamamlanmagyna çenli bu görkezijiniň 8 mlrd dollara ýetmegine garaşýarys».
Rabieniň bellemegine görä, girdejiniň artmagy üstaşyr gämi gatnawynyň artmagy bilen amala aşdy: geçen ýylky 21 700 birlik bilen deňeşdirilende, şu ýylda 23 400 birlik. Ýükleriň jemi möçberi bolsa, 1420 mlrd tonna rekord derejä ýetdi.

Arslan Kadyrow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby