Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýalary giňdünýä garaýyly, sanly ulgamdan doly baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetidirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşalar dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlaryndan we bagşa-da dürli bäsleşiklerden ýokary netije gazanýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata-watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biridir. Bilim bermegiň ähli basgaçaklary ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün edilyär. Sanly enjamlar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň okamaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaklaryna mümkinçilik döredýär.
Garaşsyz ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň şöhratly taryhyna zer harplar bilen ýazylýar. Bu döwürde eziz Diýarymyz ähli ugurlar boýunça durnukly ösýän, sebide we dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň gazanan ýokary ykdysady ösüş depginleri, halkara derejesindäki abraýy bolsa hormatly Arkadagymyzyň hem-de, Arkadagly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli we ygtybarly “Açyk gapylar” syýasatynyň miwesidir.
Ýurduň syýasy taýdan asudalygy,daşary ýurtlar bilen ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýurduň açyk bolmagy, daşary ýurt maýadarlaryna ikitaraplaýyn bähbitli işleri alyp barmak üçin amatly şertleriň döredilmegi özara gatnaşyklary giňden ýaýabaňlandyrmakda örän möhümdir. Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda her ýyl daşary ýurtlarda işleýän adatdan daşary, özygtyýarly ilçilerimiz bilen duşuşan mahalynda daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyzyň giňeýändigini, pugtalanýandygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygyna geçen gününden, döwletara gatnaşyklary has ýygjamlaşyp, döwlet ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş we resmi saparlarynyň, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, oba hojalygy, ulag serişdeleri, ykdysady, syýasy we beýleki ugurlar boýunça gelýän döwlet delegasiýalarynyň we işçi toparlarynyň saparlarynyň sany barha artýar.
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby,
Otuzbaýewa Gülşirin.

RU












