Bilim mekdebi gutaranyňdan soňra ýadyňda galan zatlardyr.
Iň gowy kanun hemme zady daşky dünýäsine görä däl-de, içki dünýäsine görä kabul etmekdir.
Adamyň ýüregine iň ýakyn ýol onuň gyzyklanýan zady hakynda gürrüň etmekdir.
Kynçylyk ýok ýerde üstünlik ýok.
Güýçli bolmak gowy, akylly bolmak has gowy.
Eli gowy kitaply kişi hiç haçan ýekesiremez.
Bisowat adam gözli kördür.
Adama bilimiň zerur gerekdigini subut etmek — bu göz görejiniň oňa peýdalydygyny ynandyrmak bilen des-deňdir.
Ylym örän agyr işdir. Ol diňe akyly güýçli adam üçin ýaramlydyr.
Halk üçin çörekden soň iň gerek zat mekdepdir.

Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.