Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Ukrainadaky çökgünligi çözmek ugrundaky tagallalary üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada çarşenbe güni türk mejlisiniň başlygy Mustafa Sentop žurnalistlere habar berdi.
«Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygy ýola goýmak ugrundaky tagallalary üçin Prezident Erdogany Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürledim. Meniň ýüzlenmäm bar. Beýleki döwletlerden hem ýüz tutmalar bolar» – diýip, ol aýtdy.