«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan täze ýylda hormatly Prezidentimiziň ilkinji döwlet saparyny HHR-den başlamagy çuňňur simwoliki many-mazmuna eýe boldy. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze sahypanyň, täze döwrüň başlanandygyny hem-de olaryň täze ýylda düýpli gol ýaýratjakdygyny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-6-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaý bilen BMG-niň çäginde giň gerimli gatnaşyklara eýedir. Şeýle-de, bu iki ýurt Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerinde, sammitlerinde deň pikirdeşligi bilen tapawutlanýar. Berkarar ýurdumyz HHR bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Mundan başga-da Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Has takygy, nebit-gaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e mawy ýangyjyň uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistan HHR bilen diňe nebit-gaz ulgamy boýunça däl, eýsem, ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär.
6-njy ýanwarda Pekinde hormatly Prezidentimiz bilen HHR-niň Başlygynyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 16-syna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «ýaşyl» ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar. Saparyň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Sinhua» habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa ynsanperwer ulgamda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylandygyny hem aýratyn nygtamak zerur.
Berdinyýaz GOŇUROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

RU



