Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär. 

Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy hem bar. Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.

Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işlerini döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy, diýmek, ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir.

Bölümleriň ýerleşdirilişi pomidor hasylyny daşamak hem-de gös-göni ýyladyşhananyň girelgesinde ýüklemek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutuldy.