Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleri döredijileriň biri hökmünde türkmen telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Telekeçiler döwlete dahylsyz bölegiň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bölmegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde hem-de telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar.
Biz geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýän ulgamy ösdürmelidiris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.
Şeýle-de döwlet Baştutany kiçi we orta kärhanalaryň iş gerimleriniň düýpli giňeldilmegini, olaryň sanynyň artdyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy işewürligiň ösdürilmegine we höweslendirilmegine, degişli düzümlerde täze önümçilikleriň döredilmegine, olaryň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belleýär.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň geljek döwür üçin ägirt uly meýilnamalary bar. Şunda netijeli işiň ygtybarly kepili bolup durýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we ony kämilleşdirmegiň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm üns berilýär.
Orazow Yhlas
Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyñ Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby