Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti bilen röwşen geljegini gurýan ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Uzak geljegi nazarlap kabul edilýän taryhy ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň milli kanunçylyk binýady halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bu taryhy maslahatda kabul ediljek döwletli çözgütler jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga, döwlet dolandyryşyny, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli meseleler çözülende, türkmen halkynyň maslahata ýa-da geňeşe ýygnanyşyp ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul edendikleri baradaky aýdanlary we milli ýörelgeleridir häzirki zaman tejribelerini sazlaşdyryp, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak barada öňe süren başlangyjy öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary esasynda degişli konstitusion toparyň döredilmegi, onuň düzüminiň tassyklanylmagy işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagyna şert döretdi. Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary hem döredildi.

Ilat arasynda geçirilýän duşuşyklardan görnüşi ýaly, milli Liderimiziň döwletimiziň Esasy Kanuny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Çünki ýurdumyzyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň, durmuşa geçirýän işleriniň, öňdengörüjilikli tutumlarynyň her biriniň täze taryhy döwrüň rowaçlygy bilen baglydygyna, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, zamananyň öňe çykarýan talaplaryny nazarlaýandygyna durmuş hakykatynda anyk göz ýetirýärler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 21-nji ýanwarda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bu taryhy maslahatda kabul ediljek çözgütler jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga, döwlet dolandyryşyny, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýakyndan ýardam eder.

Ýurdumyzda halk demokratiýasynyň dabaralanmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Hudaýnazar ALLANAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby