Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Onuň çäginde bolsa «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahaty guraldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerinde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köp sanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellenilmegi hem şatlykly wakalaryň boljagynyň buşlukçysy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär.
Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň şygyrlarynyň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.
Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir. Şahyr mertlik-namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar.

BALLYÝEWA Sähra
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Matýakubowa Leýla