Häzirki wagtyň täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň zamanydygyny nazara alanyňda, ähli ugurlarda täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu usullaryň dürli ugurlara işjeň ornaşdyrylmagy, şunda häzirki döwrüň täzeçil tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.

Bu işde ýaşlaryň batyrgaý başlangyçlaryna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellemeli. Ýaşlaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaklary üçin döwlet derejesinde ähli zerur şertler üpjün edilýär. Bu bolsa degişli ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlaryň hünär eýeleri we öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.

Ýeri gelende aýtsak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary hem-de binalaryň bezeg aýratynlyklarynda ulanylýan täzeçil usullar bilen gyzyklanmalary olaryň saýlap alan hünärine bolan höwesiniň artmagynda aýratyn ähmiýetlidigini bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen yzygiderli tanşyp, bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalarda ýerleşdirilýän

ýazgylarda adamlary ruhubelentlige, beýik işlere ruhlandyrýan mazmunyň jemlenmelidigini, olaryň her biriniň degişli binalara laýyk derejedäki ähmiýetiniň bolmalydygy we bu işlere ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, bu ugurdan bilim alýan talyp ýaşlaryň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdanlarynyň ähmiýetlidigini bellemek ýakymly.

Munuň özi mähriban Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar, olaryň döwrebap bilim almaklary we ýokary derejeli hünär eýeleri bolmaklary ugrundaky alada Arkadagly  Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şirinjemal Hanowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy