Ýurdumyzda her ýylyň mynasyp derejede atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesilleri giň dünýägaraýyşly, dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan nesiller hökmünde kemala getirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny belende götermek ugrundaky aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda her ýylyň döwrüň ruhuna kybap, häzirki zamanyň asylly ýörelgelerine laýyk derejede atlandyrylmagy halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyz täze ýyla ynamly gadam goýup, ösüşleriň belentliklerine tarap okgunly hereket edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletli Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, uly üstünlikleri gazanýarlar we täze sepgitleri eýeleýärler. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyny we mähriban halkymyzyň ýaşýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Mahym Myradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy