Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her bir täze ýyl döwrebap, ruhubelent şygar bilen atlandyrylýar. Bütin ýylyň dowamynda amala aşyryljak döwletli işler hem şol şygar bilen içgin baglanyşdyrylýar. Her ýylyň ahyrynda geçilen ýol hakynda oýlara berileniňde şeýle netijä gelýäň: Biziň illerde ýyllar öz ady bilen gelýär! Iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr-şäherlerinde geçirilen maslahatlarda öňe sürlen başlangyçlar esasynda ýurdumyzda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüde gelindi. Halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň degişli Karary taýýarlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz hem halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini goldap, 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilmegini makullady.
Gahryman Arkadagymyzyň her ýyly döwrebap atlandyrmaklygy ýola goýmagy halkymyzyň taryhynda özboluşly sahypadyr. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynda Watanymyza bolan söýgini ösdürmäge, ildeşlerimiziň ähli tagallalaryny döwletimiziň ösüşiniň möhüm ugurlaryna gönükdirmäge ýardam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, ýagny 2022-nji ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda köp sanly il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalar bolup geçdi. Ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen ýaşaýyş maksatly desgalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, hassahanalar, mekdepler, çagalar baglary ykdysady taýdan kuwwatly döwletimiziň oňyn görkezijileridir. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň geljekki 30 ýylyny nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun kabul edildi. Tamamlanan ýyldaky şanly wakalaryň ählisiniň görkezijisi hökmünde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini — Arkadag şäherini görkezmek bolar. Ýurdumyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde bina edilýän ägirt uly taslamada ýaşlaryň hem mynasyp goşandynyň bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän beýik ynamynyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz we dünýä ähmiýetli asylly tutumlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowamat dowam tapýar. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär.
2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi Watanymyzyň ýaş nesillerine bildiren uly ynamydyr. Ynamda bolsa güýç bar, kuwwat bar. Goý, türkmen ýaşlary üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara ýar bolsun!
Bibiaýşa NURBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby