Ynsan ömrüniň agramly bölegini ýaşlyk tutýar. Ýaş wagty ynsan söýýär, durmuş-maşgala gurýar, gelejekki ýaşajak ömrüne uly bir akym bilen barýar. Adamyň ömri bolsa, dürli hili öwrümlerden ybarat. Ýaşlyk bu öwrümleriň ählisinden batyrgaý geçmegi başarýar. Çünki onuň kalby atygsap, gany gaýnap, gelejegi görmek üçin ýollary açyk. Munuň özi islendik ýa adamyň adaty duýgusy.
Duýgular bolsa, gelejekki ömre merdiwanlardan ybarat. Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak karýerasyna, abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär. Ýaş nesil bilen durmuşy, işewürligi, gurujylygy hem- de bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni ezeýär.
Dürli döwrülerde –de ýaşlar belli bir uly akym bolup, dürli döwletleriň döwlet gurluşygyna, dürli taslamalaryň amala aşyrylmagyna, dürli açyşlary açmakda hyjuwly, bilesigeliji toparlar bolup hem- de uly güýç bolup hyzmat edýärler. Ýaşlar jemgyýetiň belli bir işjeň topary. Olaryň hyjuwly ýürekleri, olaryň öz hünärlerini görkezesleri gelmeleri hem- de şol hünär bilen iş salyşmak üçin arzuwlary ýagty bir älemi wada berýär.
Biziň ýurdumyzda hem ýaşlara uly üns berilýär. Ýagny ýaşlaryň gelejegini saglaýan dürli mümkinçilikler döredilýär, olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz ýerlerini tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Çünki ýaşlarda hyjuwly hem- de üstünlikli işler ýürek telwasyndan ýüze çykyp, bu günki günüň ösüşlerinden ertire paý äkitmek mümkinçiligi bar.
Biziň ýurdumyzda hem ýaşlar guramasynyň hereket etmegi, talyp ýaşlaryň müňlerçesiniň işlemegi, okamagy we zähmet çekmegi bu ajaýyp mümkinçilikleriň ýene biridir.
Ýurdumyzda 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” –diýip, at berilmesi hem biziň ýurdumyzda ýaşlara, olaryň gelejegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir. Bu bolsa, ýaşlyga goýulýan hormatdyr. Halypalaryň arasynda ýaşlaryň hyjuwly zähmet çekmesi we olaryň öz başarnyklaryny görkezmesi – bu olara bildirilen uly ynamdyr.
Amansoltan Şiriýewa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy