Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde içki torda işleýän bilim portallary ornaşdyrylyp, ondaky maglumatlaryň üsti yzygiderli doldurylýar we baýlaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, şeýle hem, bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy kabul edilipdi. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda “uzak aralykdan okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramak” ýaly çäreler göz öňünde tutulypdyr. Şu nukdaýnazardan, Internet ulgamy arkaly uzak aralykdan okuwlary guramagyň tehniki-programmalaýyn serişdeleri seljerilip, olary aýratynlyklary we artykmaçlyklary kesgitlenmeli bolýar. Dünýä tejribesinde, hususan-da, ýokary okuw mekdeplerinde uzak aralykdan okuwlary guramakda birnäçe programmalar toplumy peýdalanylýar. Ylaýta-da, “Zoom” we “Microsoft Teams” programma üpjünçilikleri hyýaly synplary guramakda amatly serişde bolmak bilen bir hatarda, olar ulanyjylara hödürleýän hyzmatlarynyň wagt dowamlylygy boýunça çäklendirilen görnüşlerini tölegsiz esasda amala aşyrýarlar.

“Zoom” we “Microsoft Teams” programma üpjünçiliklerini Windows, iOS, Android we MacOS ýaly birnäçe operasion ulgamlarda işe goýbermek mümkinçiligi bardyr. Bu programma üpjünçiliklerinde audio we wideo konferensiýalary geçirmek, şeýle hem, elektron tagtanyň kömegi bilen uzak aralykdan okuwlary guramak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Munuň üçin ulanyjylar özleriniň şahsy kompýuterlerinde ýa-da öýjükli telefonlarynda programma üpjünçiligini ornaşdyryp, ol ýerde Internet ulgamy arkaly özleri üçin şahsy otaglary döretmelidir. Her bir ulanyjynyň özüne mahsus elektron poçtasynyň bolmagy ýeterlikdir. Her bir ulanyjynyň elektron poçtasynyň ýeke-täkligi we gaýtalanmaýanlygy sebäpli, ulanyjylar bu programma üpjünçiliginde hasaba alnanda olaryň elektron poçtalary şahsyýeti anyklaýjy esasy element bolup durýar. Netijede, uzak aralykdan okatmak we hyýaly synplary guramakda “Zoom” we “Microsoft Teams” programma üpjünçilikleri amatly serişde bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, häzirki döwürde Internet ulgamynda ornaşdyrylan tor serweri arkaly işleýän “BigBlueButton” tehnologiýasy hem onlaýn režiminde sapaklary geçmek we audio-wideo konferensiýalary geçirmek üçin giň ulanyjylar köpçüligi tarapyndan peýdalanylýar.

Sapargeldiýewa Ogulmiwe

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň

1-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy