Ýurdumyzda 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” – diýip, at berilmesi hem biziň ýurdumyzda ýaşlara, olaryň gelejegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir. Bu bolsa, ýaşlara bildirilýän ynamdyr. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny tassyklamagy bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipleri esasynda, 2023-nji ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi halkymyzy buýsandyrdy. Ýaş wagty ynsan söýýär, durmuş- maşgala gurýar, gelejekki ýaşajak ömrüne uly bir akym bilen barýar. Adamyň ömri bolsa, dürli hili öwrümlerden ybarat. Ýaşlyk – bu öwrümleriň ählisinden batyrgaý geçmegi başarýar. Çünki ýaş ýüregiň duýgusy atygsap, gelejege bolan ymtylyşlary ýokarydyr. Munuň özi islendik ýaş adamyň adaty duýgusydyr. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlara uly üns berilmegi, ýaşlaryň müňlerçesiniň işlemegi, okamagy we zähmet çekmegi bu ajaýyp mümkinçilikleriň ýene biridir.
Ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşlere we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy, ýaşlaryň watançylyk duýgusynyň has- da ösmegine badalgalar berildi. Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär. Ýaş nesil bilen durmuşy, işewürligi, gurujylygy hem- de bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni bezeýär.
Dürli döwürlerde -de ýaşlar taslamalaryň amala aşyrylmagyna, dürli açyşlary açmakda hyjuwly, uly güýç bolup hyzmat edýärler. Ýaşlar jemgyýetiň belli bir işjeň toparydyr. Olaryň hyjuwly ýürekleri, olaryň öz hünärlerinde üstünliklerini görkezesleri gelmeleri hem- de şol hünär bilen meşhur bolmak islegleri birleşip, ýurdumyzyň ösüşleri bilelikde bir bitewi üstünlige eýe bolmagy bu örän ajaýyp duýgy. Türkmenistanyň röwşen geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Halypalaryň arasynda ýaşlaryň hyjuwly zähmet çekmesi we olaryň öz başarnyklaryny görkezmesi – bu hem olara bildirilen uly ynamdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolunda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigi eýýäm ýylyň başyndan aýan boldy.
Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy we olaryň bilimini, zehinini, ukyp- başarnygyny ýüze çykarmak üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýratyn nygtady. Şundan ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023- nji ýylda türkmen ýaşlary- da belent sepgitlere ýetmek üçin öňde duran möhüm wezipelere goşant goşmaga çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesle degişlidigini aýratyn nygtamagy hem ýaşlaryň başyny göge ýetirdi. Ähli ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlar diňe ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmagyň hyjuwy bilen ýaşaýarlar.
Bu belent wezipe ýaşlar üçin ýol görkeziji şamçyragdyr. Biziň ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilmegi beýik döwletiň şöhratly geçmişli taryhynyň hem bolandygyndan habar berýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň gelejegini saglaýan dürli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşlerinde ýaş ýürekleriň joşgunyny öňe çykarýan uly mümkinçiliklere mysallardyr.

Meňli Gurbanyýazowa
Türkmen Döwlet Medeniýet insitutynyň talyby