Kompýuteriň gurluşlary Prosessor we operatiw ýat barada düşünje bu birnäçe ýyllar bäri ulanylyp gelýär.Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň apparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Sistema blogy, monitor, klawiatura, syçan. Komputerlerimiziň howpsyzlygyny gazanmak üçin bolsa, antiwiruslar peýdalydyr. Elbetde bu üstünlikler häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hemuly bazasyny komputerde ýygnamaga uly mümkinçilik berýär.
Prosessor – kompýuteriň esasy gurluşy,beýnisi bolmak bilen hasaplamalary, programmalary ýerine ýetirýär. Bu gurluşin formasiýalary işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir Prosessoryň esasy häsiýetleri takt ýygylygy,razrýadlylygy, modelidir. Takt ýygylygy – prosessoryň bir sekundyň dowamynda ýerine ýetirýän taktlarynyň sanydyr. Dürli amallar bir we birnäçe taktlaryeýeläp biler. Takt ýygylygy gers hasabynda ölçelýär. Prosessoryň razrýadlylygy – onuň şol birwagtda işläp taýýarlaýan ikilik sifrleriniň(bitleriň) mukdarydyr. Häzirki zaman prosessorlarynyň aglabasy 32 bitlik ýa-da 64 bitlik razrýada eýedir. Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy – onuň ýadydyr. Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen
gurluşdyr. Informasiýalary saklamak üçin, ýadyň dürli görnüşleri ulanylýar.Operatiw ýat (operatiw ýatda saklaýjy gurluş) – berlenleri we programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir. Operatiw ýatda saklaýjy gurluş bir bütewi ýere ýygnalan mikroshemalaryň ýygyndysyny öziçine alýar.Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin komputerde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýär.
Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýtkabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy aşakdaky birliklerde ölçelýär. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gurluşlar. Gaty magnit disklerinde ýygnaýjylar, çeýe magnit disklerinde ýygnaýjylar.Optiki disklerde ýygnaýjylar .Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklamagyň möhüm gurluşy – informasiýany gaty magnit disklerinde ýygnaýjydyr, oňa winçester diýilýär. Ol üsti magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen, aýlanýan diskleriň toplumydyr

NEPESOW Serdar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 220-nji toparynyň talyby