Ählimize mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” -nyň ilkinji günlerinde, ýagny 21-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen taryhy maslahat, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyny, döwletlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi.
Döwletli maslahatda halkymyzyň göwün islegleri, haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi ähli halkymyzyň göwün islegini beýan edýän taryhy çözgüt boldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza mizemez ynamynyň ýene-de bir gezek ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Bu belent ynamyň aňyrsynda köp ýyllaryň dowamynda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amal edilen uly işler, döwletli tutumlar durandyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylyp, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi, abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyryp, halkymyzy rowaç ýaşaýşa eýe etdi.
Gahryman Arkadagymyz sözlän sözünde geçen taryhy döwrüň dowamynda ähli babatdaky milli ösüşlerimiz, gazanan üstünliklerimiz barada belläp: “Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde, Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris” diýip nygtady. Munuň özi ýeňişli hem röwşen ýollarymyzyñ geljekde hem diňe öňe ilerlejekdiginden, mertebeli menzilleriň dowamat dowam boljakdygyndan aýdyň alamatdyr.
Ýeri gelende bellemeli zatlaryň ýene-de biri, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň hem-de “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň taslamalary kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we munuň bilen baglanyşykly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginden, şunda döwrüň ösen talaplaryndan ugur alynýandygyndan habar berýär. Halkymyzyň isleg-arzuwlary bilen bagly bolan bu kanuny özgertmeler bolsa ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzyň geljegi has-da röwşen bolsun!
Röwşen ÇARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji GTD we GKS hünäriniň talyby.