Bulutlaýyn  hasaplama näme?       

Bular  ýerleşdirilen sanly maglumatlary gaýtadan işleýän tehnologiýalar bolup, kompýuter resurslaryny kompýuter ulanyjylaryna onlaýn hyzmat görnüşinde hödürleýär. Bu tehnologiýalaryň esasynda programmalar lokal kompýuterleriň brauzerlerinde işe goýberilýär, ýöne programmalaryň ähli işleri we olara gerek bolan maglumatlar daşlaşdyrylan internet serwerde saklanylýar we ulanyjynyň enjamynda wagtlaýyn keş görnüşinde saklanylýar.   Bulutlaýyn tehnologiýalar häzirki wagtda ykdysady aragatnaşyklaryň we gelejegiň  biznes –modelleriň aglabasynyň düýbi bolup durýar.

Bulutlaýyn hasaplama – bu internetiň üsti bilen dürli hyzmatlary berjaý etmek. Bular maglumatlary saklamak, serwer,  maglumatlar gory, tor we programma  üpjünçiligi ýaly enjamlary we programmalary öz içine alýar.  Bulutlaýyn maglumatlary saklamak- lokal ýa-da daşky gaty diskde faýllary saklaman, eýsem olary çägi uzakda ýerleşen maglumatlar gorunda saklaýar. Bulutlaýyn tehnologiýalar elektron gurluş tora bagly wagty, maglumatlaryna ýa-da programmalarynyň ulanylmagyna we işledilmegine mümkinçilik berýär.

Bulutlaýyn hasaplama- bu adamlar tarapyndan köp ulanylýan we ulanmaga has amatly görnüş hasaplanylýar.  Sebäbi onuň çykdaýjysy az,tiz, dürs hem-de howpsyz.

Bulutlaýyn hasaplama diýilmeginiň sebäbi, maglumatlary ulanmaga bolan mümkinçilikleriň bulutda ýa-da wirtual giňişlikde ýerleşýänligidir. Bulutlaýyn hyzmatlary hödürleýän kompaniýalar, ulanyjylaryna faýllaryny we programmalaryny uzak aralykdaky serwerlerde saklamaga we soňra internet ulgamy arkaly ähli maglumatlary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bu bolsa ulanyjynyň belli bir ýerde ýerleşmeginiň hökman däldigini we uzak aralykdan işlemäge mümkinçiliginiň bardygyny aňladýar.

Bulutlaýyn hasaplama – maglumatlary özleşdiriş bilen bagly ähli agyr işleri siziň işleýän ýa-da ulanýan enjamyňyzdan özüne geçirýär. Şeýle-hem dünýäniň islendik ýerinde internet ulgamyna baglanmak arkaly siziň hemme maglumatlaryňyz we programmalaryňyz islendik enjamdan elýeterli bolýar. Bulutlaýyn ulgamlar köp ulanyjyly bolup bilşi ýaly bir ulanyjy üçin hem niýetlenen bolup bilýär. Köp ulanyjy üçin niýetlenen bulutlaýyn ulgamlar öz hyzmatlaryny internet arkaly hödürläp onuň üçin töleg hem alýarlar. Hususy bulutlaýyn ulgamlar, hyzmatlaryny diňe kesgitli adamlaryň köplügine hödürleýärler.

Hususy bulutlaýyn ulgamlar özünde diňe içki ulgamlara mümkinçilik berýän tor ulgamyny saklaýar. Şeýle-de bulutlaýyn ulgamlaryň umumy hem-de hususy hyzmatlary hödürleýän gibrid görnüşi hem bar.  Bulutlaýyn hasaplama – täze hyzmat bolmagyna garamazdan, ol köp guramalar – uly korporasiýalardan başlap kiçi telekeçiler, hökümet edaralary we hat-da aýry isleg bildirijiler tarapyndan ulanylýar.

Bulutlaýyn  hasaplamanyň mümkinçilikleri:

     Hyzmatlaryň görnüşlerine garamazdan, bulutlaýyn hasaplama hyzmatlary ulanyjylara aşakdaky funksiýalary we mümkinçilikleri hödürleýär:

  • Elektron poçta
  • Maglumatlary saklamak, göçürmek we gözleg.
  • Programmalary düzmek we test etmek
  • Maglumatlary seljermek
  • Ses we wideo elementler
  • Programma üpjünçiligini ýerleşdirmek

Ataýew Amankuly,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  Maglumat ulgamlary we  tehnologiyalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby